Isleg Sizden – Çözgüt Bizden

Biz barada giňişleýin
Toparymyz barada


4ENGINEERS — bu maglumat tehnologiýalary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş sanly ulgamlary we programma üpjünçiligi boýunça ýöriteleşdirilen resmi Tassyknamaly we Ygtyýarnamaly topar bolup durýar.
Biziň toparymyz ýokary derejeli inženerlerden we programmaçy hünärmenlerden ybarat bolup, önümçilikde we hyzmatlarda ulanmak üçin SCADA, PLC, HMI ulgamlaryny, şeýle hem beýleki awtomatlaşdyrylan tehniki çözgütleri hödürleýär.
Her bir taslama diňe bir müşderiniň islegleri bilen çäklenmän, eýsem döwlet bilen ylalaşylan kiberhowpsyz tehniki we hukuk kadalara laýyklykda taýýarlanylýar.
4ENGINEERS toparymyz -
Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy boýunça işler, Web-sahypalar we internet ulgamlary bilen işler, şekilli bezeg işler, kompýuter enjamlarynyň we programma üpjünçiliginiň söwdasy ýaly ugurlar boýunça resmi Tassyknamaly we Ygtyýarnamaly hereket edýär.
🧩 Biziň hyzmatlarymyz şulardan ybarat:
• Awtomatlaşdyrylan ulgamlary programmalaşdyrýarys (PLC/HMI/SCADA),
• Internet ulgamlaryny we Web-sahypalary işläp taýýarlaýarys,
• Programma üpjünçiligini we duýujy iberiji ölçeg serişdeleri baglanyşdyryp bilelikde işlemegini maslahatlar arkaly düşündirýäris,
• Bezeg işleri we şekilli-çyzgy arkaly çözgütleri hödürleýäris,
• Maglumatlary kabul edýän, saklaýan we paýlaýan ulgam enjamlarynyň gurluş-düzümine programmalaşdyrma arkaly tehniki hyzmatlary edýäris.
Toparymyz müşderilere diňe bir hyzmat bermek bilen çäklenmän — eýsem ygtybarlygy, kepilligi we döwlet derejesinde ykrar edilen çözgütleri hödürleýär.
4ENGINEERS — bu biziň ýurdumyzda
ilkinji Awtomatlaşdyrma we programmalaşdyrma ugrunda
öňdebaryjy uly ösüşlere eýe bolmagyňyz üçin
Siziň ynamly we ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr !

Dowamy
Hyzmatlar

🔧 Ýerine ýetirýän hyzmatlarymyz:

1. PLC/HMI/SCADA ulgamlaryny programmirleýäris we şulary işe girizýäris:

Siemens (TIA Portal, WinCC, S7-1200/1500), Profinet/Profibus ulgamlary, SCALANCE sazlaýarys.

2. Gözegçilik-ölçeg enjamlaryny önümçilige programma we şekilli-çyzgy derejede baglanyşdyryp bilelikde işlemegini maslahatlar arkaly düşündirýäris:

duýujy iberiji ölçeg serişdeleri, ýerine ýetiriji enjamlar, elektrik toguny öwrüjiler, howa basyş ulgamlary, Howpsuzlyk ulgamlary.

3. Awtomatlaşdyrylan gözegçiligi we dolandyryşy sazlaýarys we bu ugurda maslahat berýäris:

Gyzgynlyk we basyş derejeleri görkeziji , akymy, tizligi görkeziji, dolandyryjy programma gurluşlar.

4. Işe goýbermek we sazlamak işlerini ýerine ýetirýäris we Siziň hünärmenleriňize gözükdiriji maslahatlary berýäris:

Sistemany “taýýar ýagdaýda” tabşyryp, resminamalar we görkezmeler bilen siziň hünärmenleriňize gowşurýarys.

Awtomatlaşdyrma

⚙️ Awtomatlaşdyrma üçin çözgütlerimiz:

Dolandyryş ulgamynyň taslamasyny taýýarlamak

• ⚙️ Tehnologik amallaryň seljermesi we logiki gurluşynyň düzülmegi:
Algoritmleriň işlenip düzülmegi we synagdan geçirilmegi; Programmirlemek: PLC (Programmirlenýän Logiki Dolandyryjy, başgaça önümçilik kompýuteri) programmirlemesi: Siemens S7-300/1200/1500, Schneider, Omron; SCADA/HMI programmany ulanyjy üçin amatly şekillendiriji gurluş: WinCC (Advanced/Professional), TIA Portal; Sensor ekranlaryň programmirlemesi (Touch Panels); Tehnologik düzüm-gurluşynyň awtomatik dolandyrylmagy üçin ýerine ýetirilmeli işleriň programma ýazgysy (skriptler) we ulgam bölegi üçin programmalar; Ulgamlar we maglumat alyş-çalyş beýanlary; Profibus, Profinet, Modbus TCP/RTU, Ethernet/IP; Senagat torlarynyň gurluş-düzüm bölümleri we synag edilmegi;
• 🧰 Programma baglama-gurnama hyzmatlary:
Maglumatlary kabul edýän, saklaýan we paýlaýan ulgam enjam toplumlarynyň we maglumat saklaýjy ulgamlarynyň programmalaşdyrylmagy;
Awtomatlaşdyrylan dolandyryş penjireleriniň programma gurnalmagy we sazlanmagy;
Elektrik we aragatnaşyk-tor enjamlarynyň programma gurluş-düzümi;
Desgany we önümçilik enjamyny işe goýberiş-sazlaýyş işleri;
• 💡 Programma üpjünçiligi üçin beýleki işler:
Aýratyn taslamalar üçin programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegi; Programma doly baglanyşdyryp bilelikde işlemegi üpjün etmek: ulanyjynyň maglumat ulgamlary bilen utgaşykly işlemek; Bar bolan ulgamlaryň kämilleşdirilmegi, üýtgetmeler girizmek; Düşnükli we döwrebap web-şekilli dolandyryş penjiräniň döredilmegi;
• 📐 Tehniki bezeg-çyzgy hyzmatlary:
EPLAN, AutoCAD, Step7 programmalarynda doly tehniki çyzgylar;
Ulanyjy üçin ýöriteleşdirilen şekil, çyzgy we bezeg;
Dolandyryş çyzgylary, şekil penjireleri, ýagtylyk we ses duýduryş ulgamlary;
Giňişleýin maglumatlar
Durmuşda amala aşyrylan taslamalarymyzyň ýygyndysy

📈 Üstünlikli tamamlanan has uly göwrümli işlerimiz:

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Lagym suw

Arçman suw

Arçman suw

Arçman suw

Arçman suw

Margarin önümçilik ulgamy

Margarin önümçilik ulgamy

Margarin önümçilik ulgamy

Margarin önümçilik ulgamy

Ýag önümçilik ulgamy

Ýag önümçilik ulgamy

Ýag önümçilik ulgamy

Ýag önümçilik ulgamy

Gazly suwlar

Gazly suwlar

Gazly suwlar

Gazly suwlar

Şireli suwlar

Şireli suwlar

Şireli suwlar

Şireli suwlar

Gaplaýyş

Gaplaýyş

Gaplaýyş

Gaplaýyş

Lukum önümçilik ulgamy

Lukum önümçilik ulgamy

Lukum önümçilik ulgamy

Lukum önümçilik ulgamy

Gazly we şireli içgileriň gaplaryny gaýtadan işlemek

Gazly we şireli içgileriň gaplaryny gaýtadan işlemek

Gazly we şireli içgileriň gaplaryny gaýtadan işlemek

Gazly we şireli içgileriň gaplaryny gaýtadan işlemek

Amala aşyrylan beýleki taslamalar

✅ 5 ýyl tejribämizde üstünlikli durmuşa geçiren beýleki taslamalarymyzyň sanly görkezijisi:

49

Müşderilerimiz

15

Bilelikde işlenen hünärmenler

47

Hoşal bolanlar

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Lagym Suwy arassalaýyş desgasy

Hyzmatdaşlarymyz
Biziň ugurlarymyz

🏭 Biz şu ugurlarda Awtomatlaşdyrmagy ornaşdyrýarys, bu pudaklar biziň hyzmatlarymyzdan has ynamly peýdalanýarlar!

foto foto foto

1. Maşyn gurluşygy we metallurgiýa: önüm geçiriji ulgamlarda, eredijilerde, gaplaýyş we hil barlag amallarynda

foto foto foto

2.Himiýa we nebit-himiýa: Gyzgynlyk, basyş we beýleki häsiýetnamalaryň howpsyz dolandyrylyşynda

foto foto foto

3.Iýmit we gaýtadan işleýän senagat: Ýag, şireli suw, süýt we gaplanan önümleriniň awtomatlaşdyrylyşynda

foto foto foto

4.Oba hojalygy we agrohimiýa: Awto-suwaryşda, ösümlikleriň gözegçiliginde, dökün we himiýa mukdar-ölçeg sazlamalarynda

foto foto foto

5.Energetika we suw üpjünçiligi: Elektrik stansiýalarda, transformatorlarda we suw ulgamlarynda

foto foto foto

6.Gurluşyk we sement senagaty: Gurluşyk tehnikasynyň we sement zawodlarynyň awtomatlaşdyrylyşynda

foto foto foto

7.Dokma we emeli polimer senagaty: Reňkleýişde, örüjide we emeli polimer önümçiligine gözegçilikde

foto foto foto

8.Elektronika we lukmançylyk enjamlary: Elektron düzüm bölekleriniň hil gözegçiliginde we deslapky kesel anyklaýyş enjamlarynda

foto foto foto

9.Atyr we arassaçylyk-bezeg serişdeleri: Himiki düzümine girýän maddalaryň mukdar ölçeglerini sazlamakda, gaplamakda we hil gözegçiliginde

foto foto foto

10.Tokaý we kagyz senagaty: Kagyz önümçiligi we gaplama amallarynyň dolandyrylyşynda

foto foto foto

11.Ulag we awtomatlaşdyrylan ýangyç guýujy beketler: Ulag hereketinde we awtomatlaşdyrylan ýangyç beketlerinde

foto foto foto

12.Jemgyýetçilik binalar: Howalandyrmada, yşyklandyrmada we howpsuzlyk ulgamlarynda (aeroport, myhmanhana, kinoteatr we şuňa meňzeşlerde)

foto foto foto

13.Söwda we ammarlar: Pul alyş-çalyş we hasaplaşyk ulgamlarynda, Ýükleri eltip bermekde, daşamakda, saklamakda, paýlamakda hem-de gözegçilk etmekde we Ammar dolandyryşynda

foto foto foto

14.Telekommunikasiýa: Uzak aralykdan aragatnaşyk ulgamlarynda we olaryň enjamlaryna gözegçilikde

foto foto foto

15.Zyňyndylary gaýtadan işlemek: zibilleri saýgarmakda we ugrukdyrmakda

foto foto foto

16.We şu sanawda görkezilmedik beýleki ähli ugurlarda

📌 Bizi saýlamaklygyň esasy sebäpleri:

⭐⭐⭐⭐⭐ Bäsdeşlerimizden artykmaç taraplarymyz:

• Diňe tejribeli inženerler:

öwrenijiler we araçylar bizde ýok — diňe 5 ýyldan gowrak tejribeli hünärmenler işi ýerine ýetirýänler.

• Ynam:

möhletinde tabşyrýarys, meseleleri çözýäris, soňuna çenli taýýarlaýarys.

• Çeýelik:

Siziň islegiňize we býudžetiňize laýyk çözgüt hödürleýäris.

• Hyzmatdaşlyk:

tehniki goldaw berýäris, maslahat berýäris, işlerimizi resminamalaşdyrýarys, döwrebaplaşdyrýarys.